Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Montana ştatynda nebit turbasy ýaryldy


Şenbe güni Birleşen Ştatlaryň Montana ştatynda “ExxonMobil” kompaniýasynyň nebit turbasynyň ýarylmagy netijesinde ýüzlerçe çelek nebitiň Ýeddoustoun derýasyna akandygyny “Associated Press” agentligi habar berdi.

Wakanyň bolan ýerine ýakyn ýerleşýän ilatly nokatlardan ýüzlerçe adam wagtlaýynça göçürildi.

Hadysanyň bolan ýerine arassalaýyş işlerini geçirmek üçin ýörite toparyň iberilendigini “ExxonMobil” kompaniýasynyň ýolbaşçylary habar berdi.
XS
SM
MD
LG