Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýa goşunynda aýallaryň we erkekleriň hukugy deňleşer


Awstraliýanyň harby goşuny aýallaryň we erkekleriň hukuklaryny deň derejede ornaşdyrmakda dünýäde ilkinji goşun bolup biler.

“Associated Press” agentliginiň berýän habaryna görä, ýakyn hepdelerde Awstraliýanyň hökümeti goşunda gulluk etmek isleýän aýallar üçin bar bolan çäklendirmeleri geljek ýyla çenli aradan aýrymak meselesine sereder.

Bu ýerde gürrüň diňe bir adminisratiw we kömekçi bölümler däl, hakyky harby söweş bölümleri barada-da barýar.

Düýpli özgerişler üçin diňe bir jynsy deňlige tarapdarlar däl, Awstraliýanyň premýer-ministri Juliýa Gillard hem goşunda özgerişler geçirmegiň zerurdygyny aýdyp gelýär.

Emma geçiriljek reformanyň tankytçylary söweş operasiýalaryna aýallaryň gatnaşdyrylmagy uly ýitgilere getirer diýip tassyklaýarlar.
XS
SM
MD
LG