Sepleriň elýeterliligi

“Ýyly suw” şypahanasy


“Ýyly suw” şypahanasy

“Ýyly suw” şypahanasy

Soňky 4-5 ýylyň dowamynda ilatyň saglygy üçin döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň çäginde iň bir görnükli hasaplanýan iş, ozalky Bäherden, häzirki Baharly etrabynyň Durun obasynyň golaýynda 50 ýyl mundan ozal “20-nji guýy” diýlip bellige alnan, 47 gradus gyzgynlykdaky mineral suwly çeşmäniň ýanynda “Ýyly suw” ady bilen gurlan, 3 gatly, 80 adama niýetlenen döwrebap şypahananyň ymaratydyr.

Natriý, kalsiý, hlor, sulfat, brom, gidrosulfid, alýumin, kaliý, ftor, kremniý kislotasy, bor kislotasy ýaly elementleriň düzümini özünde jemleýän çeşmäniň suwy nerw, deri, bil, oňurga sowuklamasy, böwrek sowuklamasy, aşgazan, içege kesellerini bejermekde örän tapawutlanyp, bu ýere gelýän näsaglar suwuň bejeriş häsiýetini özleriniň örän gysga wagtda duýýandyklaryny aýdýarlar.

Şypahanada ýyly suwly wannadan başga-da owkalamak, magnitoterapiýa, fizioterapiýa, sirkulýar duşy, gidromassaž, dürli bejeriş maşklary ýerine ýetirmek üçin otaglar hem bar.

Saglyklaryny bejertmäge bu ýere gelýän näsaglar saglygy saklaýyş işgärleriniň hyzmatlaryndan örän hoşaldyklaryny aýdyp, olara minnetdarlyk bildirýärler.

Ýurtda bar bolan ähli şypahanalar bilen deňeşdireniňde bu ýerde naharhananyň hyzmatynyň hiliniň örän ýokarydygyny näsaglar belleýärler.

Lebap welaýatyndan mugallym Aýgül öz oglunyň ysmaz keseline sezewar bolandygyny, bu çeşmäniň suwundan indi birnäçe ýylyň dowamynda peýdalanýandygyny aýdýar. Ozal ýöräp bilmeýän çaga 5 ýyllap bu ýere gelip alnan bejergiden soň ýuwaşjadan ýöräp başlapdyr. “Ol häzir ýokary mekdepde okap ýör. Men onuň bilen entäklerem bu ýerde bejergi almagymy dowam etdirýärin” diýip, Aýgül gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, bu çeşmäniň suwy nerw sistemasynda döreýän keselleriň ähli görnüşlerini bejermäge ukyply. Aýak agyrydan, endamynda gijilewük döremeginden ejir çekýänler üçin hem bu çeşmäniň suwy örän peýdaly.



Çeşmäniň ýerleşýän ýeri Köpetdagyň iň bir täsin ýerinde bolmak bilen, bu ýere gelýän näsaglar dagyň gözel jülgelerinde gezelenç edip, ol ýerde ýerleşýän süýji suwly çeşmeleriň boýunda dynç almaga, täsin gowaklary synlamaga çykýarlar.

Tebigatyň türkmen topragyna eçilen bu gymmatlyklaryndan her kim özüçe lezzet alýar.

Köpetdagyň gerişlerinde seýrek duş gelýän, demgysmany hem-de ýürek-damar kesellerini bejeriş häsiýeti bolan borjak ösümligi uzaklardan arça tokaýlygyny ýada salýar.

Ýüzärlik, çopantelpek, dag narpyzy ýaly dürli dermanlyk ösümlikleriniň iň bir köp duş gelýän bu meýdanlarynda gezelenç etdigiňçe göwnüň açylýar.

Tebigy çeşmäniň suwunyň ýerasty möçberini kesgitlemek üçin burawlaýjylaryň bir ýyl gowrak wagt çeken zähmetleriniň özüniň oňat netijelerini berendigini lukmanlar aýdýarlar. Mineral suwuň ägirt uly möçberi kesgitlenenden soň, bu ýerde ýene-de 200 orunlyk täze ymaratyň gurluşygyna girişildi.

Ýakyn günlerde bu ýere gelýän näsaglaryň kabul edilmeli möçberi artar. Döwlet derejesinde bu şypahana uly üns berlip, ilatyň saglygyny bejermäge gönükdirilýän tagallalardan özleriniň minnetdardyklaryny ildeşlerimiz nygtaýarlar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG