Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pensionerler goraga mätäç


Gulgeldiýew: "Pensiýa ýaşyna — garrylyk döwrüne ýetensoň, adamlaryň durmuşdaky her hili nogsanlyklaryň netijesinde ýeke ýaşamaly bolýanlary köp".
Gulgeldiýew: "Pensiýa ýaşyna — garrylyk döwrüne ýetensoň, adamlaryň durmuşdaky her hili nogsanlyklaryň netijesinde ýeke ýaşamaly bolýanlary köp".
Pensiýa çykylandan soňky ýyllar — adamyň ömrüniň iň soňky ýyllary, adamlaryň gowşan hem-de çöken ýyllary bolup durýar. Bütin ömrüne işläp, pensiýa çykýan adamlar ömürleriniň soňky ýyllary bolan — pensionerlik ýyllaryny rahat ýaşap geçirmek isleýärler. Emma beýle bagt hemme garrylara ýetdirmeýär.

Pensionerlik ýyllarynda daşyňy hossarlardan dolduryp, rahat ýaşamagy adamlar ýaşlyk ýyllarynda gazanmaly. Ýöne adamlardaky gylyk-häsiýetler, ýaşlykdaky ýalňyşlyklar garrylyk çagynda hem olaryň betbagtçylygy bolup alnyndan çykýar.

Käbir adamlar çaga öndürip-ösdürmegiň kynçylygyndan gaçyp, ýekeje çagaly bolansoň, başga perzentleriniň dünýä inmegini islemeýärler. Ýeke perzentler bolsa käte saý-sebäp bilen ýogalýar, kä halatda ene-atany taşlap, göçüp gidýär, käte hem sergezdançylyga, ýa-da neşekeşlige sataşyp, «nadan ogul atasyna seretmez» diýleni bolýar. Kä halatda bolsa garrylar özleriniň garasöýmez hem gedem häsiýetleri üçin öz ogul-gyzlaryndan, agtyklaryndan aýry ýaşaýarlar.

Garaz, pensiýa ýaşyna — garrylyk döwrüne ýetensoň, adamlaryň durmuşdaky her hili nogsanlyklaryň netijesinde ýeke ýaşamaly bolýanlary köp. Keselçilikdir durmuş harajatlarynyň ýetmezçiligi bilen bagly betbagtçylyklardan başga-da ýeke ýaşaýan adamlaryň ýagysy köp bolýar.

Ýeke ýaşaýan pensionerleriň esasy ýagylary ogrular bilen neşekeşler, arakhorlar. Hiç bir ýerde işlemeýändikleri üçin neşekeşlerdir arakhorlar, ogrular pensionerleri hut möjegiň goýun sürüsini aňtap gezişi ýaly yzarlaýarlar.

Neşekeşler

Hut ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherinde ýalňyz ýaşaýan bir pensioner aýal özüniň neşekeş goňşusy tarapyndan öldürildi. Pensioneriň hem işleýändigini, hem pensiýa alýandygyny bilen neşekeş ony çemine salmak üçin ýörite yzarlap gezipdir. Gyşyň gysga günleriniň birinde, garaňky gatlyşan çagy işden gelýän pensioneriň öňünde durup, podýezdiň girelgesinde neşekeş ony pyçaklapdyr. Aşgabat şäheriniň köp gatly jaýlarynyň podýezdlerinde hiç wagt çyra ýanmaýar. Eger-de podýezdlere saý-sebäp bilen kimdir biri çyra goýaýanda-da, ony ogrular, neşekeşler, arakhorlar ogurlaýarlar.

Ýekeje aýlygy ýa-da pensiýany almak üçin adam janyna kast etmek neşekeş üçin hiç zat.

Ýene bir neşekeş ýalňyz ýaşaýan pensioner garyndaşynyň gyzyl dişlerini almak üçin ony bogup öldürmäge synanyşýar. Ýöne pensioneriň çirkin gykylygyna goňşular üýşüp, ony goramaga gelýärler we pensioneriň içinden ýapylan gapysyny döwüp açyp, ony neşekeşden halas edýärler. Pensioner neşekeşiň elinden ölmekden halas bolsa-da, şol pajygaly wakadan dert alyp galýar. Ol insult keseline sataşýar. Şondan aýňalman hem ýogalýar.

Biriniň milleti rus, biriniň milleti türkmen bolan iki neşekeş dost Aşgabat şäheriniň on birinji mikroraýonynda ýalňyz ýaşaýan rus aýalyny ölüm halynda ýenjip, onuň pensiýasyny alyp gaçýarlar.

Pensionerleri talaýanlar, elbetde, kanun goraýjy edaralaryň işgärlerinden jezalaryny alýarlar, türmelere gidýärler. Ýöne bäş-on, ýa-da ýüz neşekeşe jeza bereniň bilen, pensionerleriň neşekeşler tarapyndan yzarlanmasy bes edilmeýär. Pensionerleriň neşekeşler sebäpli jebir çekişleri bilen bagly wakalar häli-şindi eşidilip durulýar.

«Garrylar öýi»

Türkmen durmuşynda «Garrylar öýi» diýen düşünje ýok. Garrysy her hili oýunlar turzanda-da türkmenler garrysyny «Garrylar öýüne» atmaýar. Türkmenler hernäçe gylyksyz garry bolsa-da, ýalňyz ýaşaýan çagy ondan habar tutup durýarlar. Ýöne, şeýle ýagdaýda-da ýalňyzlyk ýalňyzlyk bolýar, «aňtawçylar» pensioneriň ahmal wagtyny peýläp bilýärler.

«Garrylar öýi» bolaýanda-da türkmenleriň garrylary «Garrylar öýüne» gidip ýaşamagy halamaýarlar. Olar «aňtawçylaryň» elinden ölmelem bolsa, öz öýlerinde ýaşanlaryny gowy görýärler.

Garrylaryň köpüsi özleriniň ýoknasyz gylyklary sebäpli, diňe pullaryny, janlaryny däl, eýsem öýlerinem ellerinden gidirýärler. Öz öýlerine öz çagalaryny, agtyklaryny, gelinlerini propiska etmek islemän, ýalňyz ýaşaýan pensionerler bar. Olar «Ömrümiň iň soňky güni jaýymy gowy görýän agtygymyň adyna geçirerin» diýen pikir bilen ýaşaýarlar. Ýöne ajal olardan jaýyny haçan agtygynyň adyna geçirjegini sorap durmaýar. Ajal duýdansyz gelýär. Ajala duýdansyz sataşýan pensionerleriň jaýy birden eýesiz galýar. Pensioner ölensoň, hökümet ondan galan jaýy hiç bir ogluň-da, hiç bir agtygyň-da adyna geçirmeýär. Pensioneriň öýi öz ýaşaýan ýerindäki häkimlige galýar. Häkimlik bolsa pensionerlerden galýan jaýlary hezil edip satýar.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG