Sepleriň elýeterliligi

“Talyban” Pakistandan Owganystana hüjümçi iberýär


Ýekşenbe güni Owganystanyň howpsuzlyk agentligi Pakistandaky “Talyban” güýçleriniň Owganystandaky ýaragly toparlara ýörite janyndan geçen hüjümçileri satýandyklaryny aýdyp, beýanat ýaýratdy.

Bu baradaky beýanatynda Owganystanyň howpsuzlyk boýunça milli departamenti pula satylan we partlama amala aşyrmaklygy planlaşdyran Pakistanyň bir raýatynyň Owganystanyň Paktiýa welaýatynda ele salnandygyny aýdýar.

Bu departamentiň şol ele salnan hüjümçiniň sözlerine salgylanyp aýtmagyna görä, Pakistandaky “Talyban” toparlary bu ýurtda türgenleşik geçen ajalyna kaýyl hüjümçileriň her birini Owganystandaky söweşijilere 70 müň dollar bilen 93 müň dollaryň aralygynda satýan ekenler.
XS
SM
MD
LG