Sepleriň elýeterliligi

Morokkoda müňlerçe adam demonstrasiýa geçirdi


Ýekşenbe güni Morokkonyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň girizilmegine protest bildirip, ýurduň Tangiers şäherinde müňlerçe adamlar demonstrasiýa geçirdi.

Ýakynda Morokkonyň şasy Mohammed Konstitusiýa üýtgetme girizip, özüniň käbir ygtyýarlyklaryny saýlawly organlara geçiripdi.

Ýurduň hökümeti bu meseleler boýunça 1-nji iýulda geçirilen ähliumumy referendumda ýurduň ses bermäge hukukly ilatynyň 98,5 prosentiniň täze konstitusion düzgünleri goldandygyny yglan edipdi.

Protestçiler konstitusion reformalaryň çäkli reformalardygyny aýdyp, referendumyň netijeleriniň hem çişirilip görkezilýändigini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG