Sepleriň elýeterliligi

Eýran 1988-nji ýyldaky uçar heläkçiligini ýatlady


Ýekşenbe güni Eýran 1988-nji ýylda amerikan söweş gämisi tarapyndan ýolagçy uçarynyň atylyp ýere gaçyrylmagy bilen baglanyşykly wakanyň 23 ýyllygyny matam güni hökmünde belläp geçdi.

1988-nji ýylyň 3-nji iýulynda amerikan harby gämisi Eýrandan Dubaýa uçup barýan ýolagçy uçaryny atyp ýere gaçyranda, ondaky 290 adamyň hemmesi wakanyň pidasy bolupdy.

Düýn bu wakanyň ýyl dönümi bilen baglanyşykly Tähranda geçirilen matam çäresine bu heläkçilikde ölen adamlaryň dogan-garyndaşlary-da gatnaşdylar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary şol bolan wakany tötänleýin ýüze çykan ýalňyşlyk diýip häsiýetlendiripdi. Eýranyň hökümeti bu edilen hüjümi bilkastlaýyn amala aşyrylan halkara jenaýatçylygy diýip atlandyryp gelýär.
XS
SM
MD
LG