Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazagystanda ýaragly topara garşy operasiýa başlandy


Ýekşenbe güni Gazagystanyň Aktýube regionynda ýaragly adamlaryň bir topary bilen polisiýa güýçleriniň arasynda çaknyşyklaryň barýandygy barada maglumat alyndy.

Maglumata görä, polisiýanyň bu operasiýany ýola goýmagyna Aktýube regionynyň Şubarşi obasynda näbelli ýaragly adamlaryň iki sany polisiýa işgärini öldürmekleri sebäp bolupdyr.

Gazagystanyň Içeri işler ministrliginiň Aktýube regional bölüminiň metbugat sekretary Almat Imangaliýew düýnki geçirilen metbugat konferensiýasynda ýaragly adamlaryň bir toparyna garşy polisiýanyň hakykatdanam operasiýa alyp barýandygyny tassyklady.

Emma ol edil häzirki wagt bu ýaragly adamlaryň yslamçy ekstremistlermi ýa däldigi barada anyk maglumatyň ýokdugyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG