Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Kaddafiniň režimine garşy basyşyny güýçlendirýär


Türkiýäniň hökümeti Liwiýanyň paýtagtyndaky öz ilçisini yzyna çagyrmak bilen, Muammar Kaddafiniň režimine garşy basyşlaryny has güýçlendirýändigini mälim etdi.

Türkiýäniň häkimiýetleri Liwiýanyň režmine garşy käbir başga-da sanksiýalary girizmek barada karar kabul edendiklerini mälim etdiler.

Bu wakanyň fonunda bolsa, ýekşenbe güni Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmed Dawutoglu häzirki wagt Liwiýanyň oppozision güýçleriniň merkezi hasaplanylýan Bengazi şäherine sapara bardy.

Ol Liwiýanyň oppozision Milli geçiş geňeşine Türkiýäniň 200 million dollar möçberinde maliýe ýardamyny berjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG