Sepleriň elýeterliligi

"Önümlerimiz hilli bolsun!"


Aşgabadyň bazarynda, 2011-nji ýyl.

Aşgabadyň bazarynda, 2011-nji ýyl.

Türkmen bazarlary ýylyň ähli paslynda-da gök we bakja ekinleriniň bollugy bilen bu önümlere islegi bolan adamlary doly kanagatlandyryp bilýär diýsek, öte geçdigimiz bolmaz.

Aşgabadyň ýaşaýjysy, pensioner Nurly Orazowyň aýtmagyna görä, ukrop, petruşka, reýhan, şäbil ýaly gök otlar, kelem, käşir, şugundyr, gawun, garpyz ýaly gök ekin önümleri hemişe bol-elin satuwa çykarylýar.

Hyýaryň, pomidoryň, limonyň hususy hojalyklaryň ýyladyşhanalarynda ussatlyk bilen öndürilmeginiň netijesinde bu önümleri ýylboýy, islän wagtyň bazarlardan satyn alyp bolýar.

Soňky ýyllar daýhanlar ýyladyşhanalarda gyş pasly hem pomidor, hyýar bilen birlikde, badam, bulgar burç, şugundyr ýaly gök önümleri ýetişdirmegiň hötdesinden gelip başladylar.

Miweleriň, sitrus ösümlikleriniň Türkmenistanda ýetişdirip bolmaýan görnüşleri telekeçiler tarapyndan Eýran, Pakistan ýaly daşary döwletlerden getirilip, hemişe satuwa çykarylýar.

Nurly aga tomus paslynyň gelmegi bilen, bazarlarda gök we bakja ekin önümleriniň has hem bolandygyny, bazarlara baranyňda bu önümleri ýetişdirýän daýhanlara sag bolsun aýdasyň gelýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 24-nji iýunynda geçen mejlisinde ýurtda arassaçylygy berjaý etmek hem-de iýmit önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky meselä seredildi.

Maslahatda durmuş-sagdynlaşdyryş boýunça yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmaly edaralaryň sanawy, iýmit önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky döwlet gözegçilik we barlag edaralary hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada karar kabul edildi.

“Türkmenistanda azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy üçin döwlet derejesinde hemişe-de alada edilýär. Bu ugurdan bar bolan gözegçilik edaralarynyň sany hem artdyrylýar. Ähli bazarlarda bu ugurdan hünärmenler işleýärler. Bazarlarda bar bolan barlaghanalar täze tehnologiýalar bilen hem doly üpjün edilen” diýip, Nurly aga aýdýar.

Emma, onuň aýtmagyna görä, satuwa çykarylýan gök önümlerde adam bedeni üçin zyýanly maddalaryň artykmaçlyk etmegi dowam edýär. “Bu ugurdan işleýän hünärmenleriň alyp barýan işlerindenem, laboratoriýa barlaglarynyň geçirilmegindenem göze görnüp duran netije ýok diýen ýaly”.

Nurly aganyň aýtmagyna görä, şu günler bazarlarda göwnüňi küýsedýän — ir ýetişen gawun-garpyzlardan iýmek adamynyň jan saglygy üçin howply bolup durýar.

Bahalaryň gymmatlygyna seretmezden, her kim täze çykan önümlerden alyp iýmäge çalyşýar. Emma azotyň, fosforyň güýji bilen wagtyndan öň ýetişdirilen gawun-garpyzy iýen her bir adamyň içgeçmeden, aşgazan-içege agyrysyndan kösenmeýäni az bolsa gerek.

Bazarlardaky barlaghana işgärleri tarapyndan möçberden artyk minerallaşdyrylan önümleriň ýüze çykarylyp, olaryň satuwdan aýrylýanyna duşup bolanok. Adamlaryň ýarawsyzlyk tapýanlaryna bolsa näçe diýseň duş gelse bolýar.

Bazarlarda arassaçylyk düzgünleri göwnejaý ýerine ýetirilýär. Emma önümleriň hili barada alada entek kemterlik edýär. Diňe bir gök önümlere däl, eýsem, et-süýt önümlerine hem gözegçiligi güýçlendirmegiň gerekdigini Nurly aga nygtaýar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG