Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýlandda bäş partiýa hökümet koalisiýasyny düzer


Taýlandda ýekşenbe güni geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanan “Taýland üçin” partiýasynyň lideri beýleki dört partiýa bilen birlikde hökümet koalisiýasyny düzýändigini yglan etdi. Munuň netijesinde parlamentdäki orunlaryň 60%-i bu koalisiýada bolar.

Ýurduň häzirki premýer-ministri Absihit Wejajiwa öz wezipesinden çekilýändigini yglan etdi. “Taýland üçin” atly partiýanyň lideri Ýiňlak Çinawatanyň ýurduň täze premýer-ministri bolmagyna garaşylýar.

44 ýaşly Ýiňlak Çinawata ýurduň ozalky premýer-ministri Taksina Çinawatanyň aýal doganydyr. Taksina Çinawata 2006-njy ýylda häkimiýetden çetleşdirilipdi.
XS
SM
MD
LG