Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň eksport gazgeçirijisine hüjüm edildi


Şu gün irden Ysraýyla we Iordaniýa gaz akdyrýan müsür gazgeçirijisine hüjüm edildi. Ýeten zyýanlar barada entek maglumat gowuşmady.

Resmileriň aýtmagyna görä, partlama Ysraýyl bilen Müsüriň serhedinden 50 km. uzaklykdaky El-Ariş şäherinde amala aşyrylypdyr.

Bu waka fewral aýynda Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubaregiň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň ýurduň gaz geçirijilerine edilen üçünji hüjümdir.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini etnek hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG