Sepleriň elýeterliligi

Gaaga: Radko Mladiç suduň zalyndan çykaryldy


Gaagada bosniýaly serbleriň ozalky harby komandiri Radko Mladiç ençeme gezek sudýanyň sözüni keseni üçin zaldan çykaryldy.

Sudýa Alfons Orie Mladiçiň ýuwaş bolmagyna birnäçe gezek çagyryş etdi. Soňra: “Jenap Mladiç, sud siziň suduň zalyny terk etmegiňizi talap edýär” diýdi.

69 ýaşly Mladiç 1992-1995-nji ýyllarda bolup geçen Bosniýa urşunda genosidde we adamzada garşy jenaýatlarda, şol sanda Srebrenisa şäherindäki köpçülikleýin gyrgynçylyga ýolbaşçylyk edenlikde aýyplanylýar.

Mladiç özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG