Sepleriň elýeterliligi

Rak operasiýasyny geçiren Çawez ýurda dolandy


Wenesuelanyň ýerli telewideniýesi prezident Hugo Çaweziň Kubada bedeninden rak ösüntgilerini aýyrmak üçin operasiýa geçirenden soň ýurduna gaýdyp gelişini görkezdi.

56 ýaşly Çaweziň öz ýurduna dolanmagy Wenesuelanyň Ispaniýadan garaşsyzlygyny almagynyň 200-nji ýyl dönümininiň öňüsyrasyna gabat geldi.

Mundan ozal Kubanyň ozalky lideri Fidel Kastro Çaweziň rak-düwnük keseline garşy göreşde üstün çykjakdygyna ynanýandygyny aýdyp, beýanat ýaýradypdy.
XS
SM
MD
LG