Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly agyr atletikaçy bürünç medal aldy


Duşenbe güni Malaýziýanyň Pinang şäherinde agyr atletika boýunça 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän dünýä ýaryşynda türkmenistanly D.Ismailow bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmenabat şäherinden sport ussady,19 ýaşly D.Ismailow 62 kilograma çenli agramlyk kategoriýasynda çykyş etdi.

Ol ştangany siltäp götermekde 135 kilogramy göterip, bu görnüşde ikinji orunda boldy. Ştangany itekläp götermekde bolsa, ol 151 kilogramy göterip, bäşinji ýeri aldy. Şeýlelikde, bäsleşigiň umymy jemi boýunça ol üçünji orna eýe boldy.

7-nji iýulda öz agramlary 105 kilogramdan ýokary bolan ştangaçylaryň hatarynda türkmenistanly ýene bir agyr atletikaçy H.Toýçiýew çykyş eder. Ol 2010-njy ýylda Aziýa regiony boýunça geçirilen halkara ýaryşynda kümüş medala eýe bolupdy.
XS
SM
MD
LG