Sepleriň elýeterliligi

Britaniýanyň premýer-ministri Owganystana bardy


Duşenbe güni Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron öňünden yglan etmezden, Owganystana sapara bardy.

Helmand welaýatyndaky britan we amerikan güýçleriniň harby bazasyna eden bu saparynda Deýwid Kameron Owganystanyň öz harby güýçleriniň mümkinçilikleriniň kem-kem gowulaşýandygyny belläp, Owganystandaky britan güýçleriniň azrak böleginiň ýakyn wagtlarda bu ýurtdan çykaryljakdygyny aýtdy. Ýöne ol anyk näçe esgeriň çykaryljakdygyny mälim etmedi.

Häzirki wagt Owganystanda Britaniýanyň 9 müň 500 esgeri bar.
XS
SM
MD
LG