Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet bilen NATO Liwiýa boýunça ylalaşyp bilmedi


Duşenbe güni Orsýet bilen NATO Liwiýadaky harby kampaniýalar barada geçiren gepleşiklerinde anyk bir ylalaşyga gelip bilmediler.

Soçi şäherinde NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen bilen geçiren gepleşiklerinden soň eden çykyşynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Liwiýa baradaky rezolýusiýasynyň amala aşyrylyş meselesinde Orsýet bilen NATO-nyň ortak bir ylalaşyga gelip bilmändiklerini aýtdy.

Şol gürrüňi edilýän rezolýusiýa ses berlende, Orsýet oňa ses bermekden saklanypdy. Şondan bäri NATO-nyň Liwiýada alyp barýan howa hüjümlerine Orsýet öz nägileligini bildirip gelýär we bu ýurtdaky konfliktleriň gepleşikler ýoly bilen çözülmegine aýak direýär.

Düýnki geçirilen gepleşiklerde Ýewropanyň raketalardan goranyş sistemasy barada-da özara maslahat edildi. Ýöne bu meselede-de Orsýet bilen NATO heniz özara çözülmeli problemalaryň bardygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG