Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň Hama şäherinde ýüzlerçe adam tussag edildi


Siriýaly aktiwistler düýn ýurduň Hama şäherinde ýüzlerçe adamyň tussag edilendigini habar berdiler.

Geçen hepde Siriýanyň şu Hama şäherinde prezident Başar al-Assadyň režimine garşy örän uly protest çykyşlary gurnalypdy.

Hama şäheriniň käbir ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, düýn harbylar azyndan 30 töweregi awtobusda bu şähere baryp, ýaşaýyş jaýlaryna reýd geçiripdirler we protestlerde güman edilýän köp adamlary tussag edipdirler.

Siriýadaky ynsan hukuklaryna gözegçilik ediji toparyň başlygy Ramil Abdelrahman «Roýter» habar agentligine beren maglumatynda düýnki geçirilen reýd wagtynda Hama şäherinde 250 töweregi adamyň tussag edilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG