Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidentiniň söýgi aýdymy


Synçylar Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň ösýändigini belleýärler.

Synçylar Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň ösýändigini belleýärler.

29-njy iýunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 54 ýaşynyň dolmagyna bagyşlanyp gurnalan konsertde yglan edilmegine görä, “Saňa meniň ak güllerim” atly täze aýdymyň sözlerini-de, sazyny-da prezidentiň özi ýazypdyr.

Angliýanyň “The Telegraph” gazetiniň Almatydaky habarçysy Riçard Oranj Berdimuhamedowyň söýgi aýdymynyň 3,500 tomaşaçyly zalda şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanandygyny ýazýar: “Türkmenistanyň köp kösenen halky jenap Berdimuhamedowyň köp sanly we dürli talantlaryny görkezmelerine endik bolýar - diýip, soňra Riçard Oranj sözüni dowam etdirýär: - prezident aprelde paýtagt aýlawynda baýrak alan ahal-teke bedewine atlanyp, öz halkyny at çapmak ussatlygy bilen haýran edipdi”.

“The Telegraph” gazeti türkmen prezidentiniň häkimiýet başyna geçenden soň, kän wagt geçmänkä diş doktory bolup işlän döwründe öwrenen saglyk hünärlerini mazamlamak üçin kiçiräk bir operasiýa edendigini, ýöne indi aýdym aýtmak göçüminiň Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kulty ýaly geň-taň bir ýagdaýa ösüp ýetmek alamatyndan habar berýändigini belleýär.

Şeýle-de gazet Saparmyrat Nyýazowyň özüne Türkmenbaşy, ähli türkmeniň serdary adyny alşyny, soňra bu ady ýanwara, ejesi Gurbansoltanyň adyny bolsa aprele dakyşyny, öz ýazan kitabyny mekdep okuwçylary üçin hökmany sapaga öwrüşini ýatlaýar.

“Milli baýlyk we uly hazyna”

Fransiýanyň AFP habar gullugynyň habarçysy Daniýel Mihailesku: “Izolýasiýa salnan Türkmenistanyň prezidenti öz doglan gününi milli telewideniýede öz döreden aýdymyny aýdyp belledi” diýip ýazýar. Ol Berdimuhamedowyň özüniň adaty eşikde, gitara çalyp, aýdym aýdan konsertine barmandygyny belläp, döwlet telewideniýesiniň prezidentiň gitarasydyr akkordeony muzeýde “milli baýlyga we uly hazyna” öwrüldi diýip habar berendigini aýdýar.

AFP habar gullugy Berdimuhamedowyň ýurdy 2006-njy ýylda ýogalan Saparmyrat Nyýazowyň izolýasiýasyndan örän seresaplylyk bilen çykarmaga çalyşýandygyna hem ünsi çekýär. “Ol Türkmenbaşy diýip bilinýän Nyýazowyň käbir öte geçmelerini gowşatdy we geçen ýyl öz mirasdarynyň Aşgabatda Günüň ugruna aýlanýan altyn heýkelini göçürdi” diýip, habaryň dowamynda bellenýär.

“Ýöne synçylar Berdimuhamedowyň döwlet binalaryndan asylyp goýlan äpet suratlaryna salgylanyp, onuň özüniň hem şahsyýet kultunyň ösýändigini belleseler, tankytçylar bu ýagdaýyň gözboýagçylykdan gaty bir aňry geçmeýän reformalara zarba urmasyndan zeýrenýärler” diýip, Fransiýanyň “Frans Press” agentligi ýazýar.

AFP habar gullugynyň “Türkmenistanyň prezidenti öz ýaş toýunyň aýdymyny aýdýar” atly makalasynyň aşagyna ýazylan kommentarilerde aýdylmagyna görä, bu habar çap edilen wagtyndan soň geçen az wagtda bir-birege iň kän iberilen täzelikleriň biri bolupdyr.

Teýlor Swift diýen bir okyjy bolsa bu habaryň aşagyna “Meniň ilkinji oglumyň adyna Gurbanguly dakylar” diýip ýazypdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG