Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meksikada tanymal neşe söwdagäri ele salyndy


Meksikada iň uly neşe toparlarynyň biri hasaplanylýan “Zetas” toparynyň esaslandyryjylarynyň we ýolbaşçylarynyň biri tussag edildi. Bu barada ýurduň resmileri habar berdi.

Hesus Enrike Rehon Agilar şu ýylyň fewralynda Birleşen Ştatlaryň Migrasiýa we gümrük gullugynyň agenti Haýme Sepatany öldürmekde we onuň amerikan kärdeşini ýaralamakda hem aýyplanýar.

Birleşen Ştatlaryň hökümeti bu hüjüm bilen baglanyşykly jenaýatçylaryň tussag edilmegine hemaýat etjek maglumat üçin bäş million dollar möçberinde sylag yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG