Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda belli hukukçy azatlykdan mahrum edildi


Eýranda belli hukukçy ýurdaky yslam režimini agdarmak synanyşygynda aýyplanyp, dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Mohammad Ali Dadhaha 10 ýylyň dowamynda aklawçylyk işini alyp barmak gadagançylygy hem girizildi. Şeýle-de oňa öýünde sputnik telekanallaryny gurnandygy üçin 300 dollar möçberinde jerime salyndy.

Dadhah parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi we adam hukuklaryny goraýjy Şirin Ebadi bilen birlikde adam hukuklaryny goramak boýunça merkez döredipdi.

Mohammad Ali Dadhah 2009-njy ýylda Eýranda dawaly ýagdaýda geçirilen prezidentlik saýlawlaryndan soň tussag edilen aktiwistlere sudlarda wekilçilik edipdi.
XS
SM
MD
LG