Sepleriň elýeterliligi

Golland hökümeti üç srebrenisalynyň öldürilmegine jogapkär


Gollandiýanyň şikaýat sudy 1995-nji ýylda Bosniýanyň Srebrenisa obasynda azyndan üç sany ýerli ýaşaýjynyň öldürilmeginde Golland döwletiniň jogapkärdigi barada höküm çykardy.

Hususan-da, sud Bosniýadaky uruş wagtynda Gollandiýanyň harbylarynyň ýerli serb güýçlerine üç sany bosniýaly raýaty bermek bilen, olaryň ölümine sebäp bolandyklaryny belledi.

Gollandiýanyň şikaýat sudy şol ölen raýatlaryň maşgalalaryna kompensasiýalaryň tölenmelidigi barada-da karar çykardy.

Synçylar Gollandiýanyň sudunyň çykaran bu kararynyň Bosniýadaky uruşda pida çeken beýleki raýatlaryň-da Gollandiýanyň hökümetinden kompensasiýa talap etmeklerine ýol açmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

1995-nji ýylda golland goşunlary tarapyndan goralýan Bosniýanyň Srebrenisa obasynda ýerli serb goşunlary 8 müň töweregi bosniýaly parahat ýaşaýjyny öldüripdiler.
XS
SM
MD
LG