Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa Owganystana has köp gumanitar kömek berer


Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Owganystana has köp gumanitar kömegiň beriljekdigini aýtdy. Şeýle-de ol britan esgerleriniň Owganystandan çykarylyp başlanjakdygyny belledi.

Duşenbe güni Kameron öňünden yglan etmezden, Owganystana sapara barypdy.

"Biz şu ýylyň we geljek ýylyň dowamynda öz goşunlarymyzyň käbir bölegini çykararys. 2014-nji ýylyň ahyryndan biz harby operasiýalarymyzy bes ederis. Biziň häzirki mukdardaky ýaly harbylarymyz bolmaz. Ýöne biziň uzak möhletleýin özara gatnaşyklarymyz bolar" diýip, britan premýeri aýtdy.

Kameron Owganystana edýän saparynyň dowamynda prezident Hamid Karzaý bilen gepleşik geçirdi.
XS
SM
MD
LG