Sepleriň elýeterliligi

Oba hojalygyndaky yzagalaklygy nädip düşündirip bolar?


Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň karary esasynda, öňki kolhoz-sowhozlara degişli bolan mallar “Türkmenmallary” assosiasiýasyna degişli edilipdi.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň karary esasynda, öňki kolhoz-sowhozlara degişli bolan mallar “Türkmenmallary” assosiasiýasyna degişli edilipdi.

Türkmenistanda wideo aragatnaşygy arkaly geçirilýän maslahatlar adata öwrülip barýar. 4-nji iýulda geçirilen şeýle maslahatyň gün tertibinde oba hojalygynyň ýagdaýyna garaldy. Pudagyň işine degişli käbir tankydy bellikler edildi.

Maslahatda oba hojalygynyň, hususan-da galla önümçiliginiň we maldarçylygyň netijeliliginiň pesligine üns berildi.

Türkmenistanyň prezidentiniň pikirine görä, hasylyň pes bolmagyna işler toplumynyň guramaçylygynyň gowşaklygy sebäp boldy. Maldarçylyk boýunça görkezijileriň pesliginiň sebäbini bolsa döwlet baştutany bu ugurdan ýeterlik çäre görülmeýänligi bilen baglanyşdyrdy.

Daýhanlar näme pikir edýärler?

Türkmenistanly daýhanlar bolsa ýer önümçililigindäki kemçilikleriň sebäplerini ilkinji nobatda suwaryş kynçylyklary we zähmet şertleriniň kemçilikleri bilen baglanyşdyrýarlar.

Türkmenistanly daýhanlar ýer önümçililigindäki kemçilikleriň sebäplerini ilkinji nobatda suwaryş kynçylyklary we zähmet şertleriniň kemçilikleri bilen baglanyşdyrýarlar.
Mary welaýatyndan daýhan Sapar Kakajanow özüniň hasyl tabşyrmakda kynçylyk çekýänligini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi: “Däne tabşyranymda, kabul ediş ýagdaýlary meni kanagatlandyranok. Bu terezeçileriň we laboratoriýalaryň işine degişli. Olar özleri bilenok edýän işini. Ýazýan görkezijilerine dawa hem edip bolanok. Bikanunçylyk bolup, olaryňky dogry, seniňki bolsa nädogry çykýar. Meselem, özüň 10 tonna bardyr diýip çak edeniňde, olarda 7 tonna çykyp dur”.

Kakajanowyň sözlerine görä, daýhanlarda öz hukugyny goramaga mümkinçiligiň ýoklugy hem ýagdaýyň düzelmegine päsgel berýär.

Türkmenistanly daýhan 45 ýaşly Öwez Gurbanow daýhanlaryň ýygnan hasylyny biržanyň üsti bilen ýerleşdirmek barada döwlet derejesinde yglan edilen täze düzgüni makullaýar. Emma ol özüniň bu düzgünden entek peýdalanyp görmänligini aýdýar.

Gurbanow “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň garamagyndaky tehnika upjünçiligini daýhan birleşikleriniň garamagyna bermek ýaly çäreleriň amala aşyrylmagy daýhanlar üçin has amatly we bähbitli şert döredip bilerdi diýip, hasap edýär.

Döwletiň wezipesi

Türkmen ýolbaşçylary oba hojalygyny ösdürmek üçin döwletiň ägirt uly işleri edýänligini yzygiderli belläp gelýärler. Soňky maslahatda Berdimuhamedow Türkmenistanyň oba hojalygyndaky, şol sanda maldarçylyk pudagyndaky pes ösüşi hiç zat bilen düşündirip bolmajagyny belledi.

Bilermenler bolsa Türkmenistanyň oba hojalygyndaky bökdençlikleri döwletiň gözegçiliginden we döwletiň planlaşdyryş sistemasyndan görýärler.

Türkmenistanyň hökümetiniň oba hojalygy boýunça öňki geňeşçisi Wladimir Ýerofeýewiň pikirine görä, oba hojalygy pudagyny özgertmek üçin döwlet plan kesgitlemek tejribesinden el çekmeli.

Bilermen ösen döwletleriň tejribelerini mysal hökmünde getirip, döwletiň pudakdaky rolunyň ýollar, suwaryş sistemasy ýaly iri infrastruktura obýektleri bilen üpjün etmekden ybarat bolmalydygyny we munuň döwletiň salgyt töleýji oba ýaşaýjylarynyň öňündäki gös-göni borjudygyny belledi.

Ýerofeýewiň pikirine görä, geljekki hasylyň mukdaryny kesgitlemek we ýer önümçiligine degişli maksatlary planlaşdyrmak işleri ýorite pudak institutlary tarapyndan tebigy aýratynlyklar hem bahalar syýasaty ýaly meseleler nukdaýnazaryndan alnyp barylmaly.

Türkmen ýolbaşçylarynyň soňky maslahatynda “Türkmenatlary” bileleşiginiň ýerlerdäki bölümleriniň hem gowşak işleýänligi bellendi. Emma kemçilikleriň arasynda bileleşigiň öz ugry boýunça işine degişli ýetmezçilikler barada aýdylman, onuň alyp barýan gurluşyk işleriniň haýal gidýänligi tankytlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG