Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýedi arkaňy tanaýaňmy, körpe?


Gulgeldiýew: "Täzeden başlap birinji klasa baran körpeler hem özüniň ýedi arkasy baradaky sprawkany mekdebe eltmeli edildi".
Gulgeldiýew: "Täzeden başlap birinji klasa baran körpeler hem özüniň ýedi arkasy baradaky sprawkany mekdebe eltmeli edildi".
Adamlaryň ýedi arkasynyň (kaka we eje tarapdan garyndaşlaryň) kimligi hakdaky sprawkalaryň iş, okuw ýerlerine eltilmegi hakdaky buýruk hatda iň bir rehimsiz režimli hökümet bolan sowet hökümeti döwründe-de ýokdy. Diýdimzor režimde diňe organ işlerine ýerleşjek bolanlaryň dogan-garyndaşlarynyň maglumatlary anyk soralýardy. Ýöne şonda-da ýedi arkasy barada maglumat soralmaýardy. Adaty işe ýerleşjek bolýanlardan diňe maşgalasy barada maglumat alnardy, wessalam. Ol ýerde hem maşgala agzalarynyň diňe doglan ýyly görkezilerdi.

Işleýän, okaýan ýerine adamlaryň hökman ýedi arkasy baradaky sprawkany eltmelidigi baradaky düzgün ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe Türkmenistanda hökman berjaý edilmeli buýruga öwrüldi. Özi hem bu düzgün şeýle bir absurd derejä çykaryldy. Maglumatda görkezilýän ýakyn garyndaşlaryň nirede doglup, nirede ýaşaýany, ozal sud edilip-edilmänligi barada, şeýle hem onuň nirede işleýäni, nirede we haçan ýogalany, kähalatda haýsy öwlüýäde jaýlanandygy baradaky maglumatlar jikme-jik beýan edilmeli.

Düşnükli zat — hökümet ýedi arka baradaky sprawkany ýygnamak bilen özüniň halamaýan kişileriniň çagalaryna iş, ýokary okuw berjek däl.

Işgärleriň hem-de talyplaryň getirýän — ýedi arkasy baradaky sprawkasyny okaýan mekdeplerine eltmek düzgüni “Galkynyşlar” döwri bolan häzirki döwürde mekdep okuwçylarynyň-da başyndan indi.

Indi bolsa, täzeden başlap birinji klasa baran körpeler hem özüniň ýedi arkasy baradaky sprawkany mekdebe eltmeli edildi.

«Ýedi arka näme?» diýşip, körpeler «Ýedi arkaňyz baradaky sprawkany getiriň» diýýän mugallymlarynyň ýüzüne gözlerini tegeleşip seredýärler.

Mugallymlar olara ýedi arkanyň nämedigini düşündirip bilmän, ellerine hat ýazyp berýärler hem-de şol haty ejelerine-kakalaryna gowşurmagy tabşyrýarlar. Körpeden iberilýän hatda ene-atalardan ýedi arka baradaky sprawkany getirmek haýyş edilýär.

Bir maşgaladan bir mekdepde bäş çaga okaýan bolsa-da, olaryň hemmesinden ýedi arka baradaky sprawka getirmek talap edilýär.

Dogrusyny aýtsaň, ýedi arkasyny bilmek uly ýaşly adamlara-da başardanok. Kiçi ýaşlylara beýle tabşyrygy berjaý etmek asla aňsat däl.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG