Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-niň başlygy Belarusyň hökümetine çagyryş etdi


Sişenbe güni Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk ediji Litwanyň daşary işler ministri Belarusyň häkimiýetlerini oppozisiýa garşy gazaply çäreleri bes etmeklige çagyrdy.

Hususan-da, Litwanyň daşary işler ministri Audronius Ažubalis soňky günler Belarusda tussag edilen protestçileriň azat edilmelidigini we ýurduň parahat ýaşaýjylaryna garşy gazaply çäreleriň bes edilmelidigini aýtdy.

Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar şu geçen ýekşenbe güni Belarusyň dürli şäherlerinde gurnalan parahat demonstrasiýalarda ýüzlerçe adamyň tussag уdilendigini we şolardan azyndan 140-synyň jenaýat jogapkärçiligine çekilendigini aýdýarlar.

Maglumata görä, jogapkärçilige çekilenleriň aglabasyna 2 gün bilen 15 günüň aralygynda tussaglyk möhleti berlipdir, köpsanly beýleki protestçiler bolsa 200 dollar möçberinde jerime tölemeli edilipdir.
XS
SM
MD
LG