Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň premýeri owgan prezidenti bilen duşuşdy


Sişenbe güni Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Kabulda Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikleriň yzy bilen eden çykyşynda Deýwid Kameron 2014-nji ýylda britan güýçleriniň Owganystandan çykaryljakdygyny we, şol bir wagtyň özünde-de, Britaniýanyň Owganystana berýän gumanitar ýardamlarynyň has artdyryljakdygyny aýtdy.

Mundan daşary, ol owgan harbylaryna talabalaýyk tälim bermek maksady bilen Britaniýanyň Owganystanda harby akademiýa gurmaklygy-da planlaşdyrýandygyny mälim etdi.

Häzirki wagt Owganystanda Britaniýanyň 9 müň 500 esgeri bar.
XS
SM
MD
LG