Sepleriň elýeterliligi

Timoşenkonyň ýolbaşçylygynda işlän energiýa kompaniýasy derňelýär


Sişenbe güni Ukrainanyň döwlet howpsuzlyk gullugy ýurduň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň öz döwründe ýolbaşçylyk eden energiýa kompaniýasyna garşy jenaýat işiniň gozgalandygyny mälim etdi.

Ukrainanyň prokuraturasy bolsa, Ýuliýa Timoşenkony 2009-njy ýylda Orsýet bilen baglaşylan gaz ylalaşygynda öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we korrupsiýa bilen dahylly işlerde aýyplap gelýär.

Ýakynda Kiýewiň sudy oňa bildirilýän şu jenaýat aýyplamalary boýunça birnäçe gezek sud diňlenişigini geçirdi.
XS
SM
MD
LG