Sepleriň elýeterliligi

Gürji prezidentiniň ogly çalt hat ýazmakda rekord goýdy


Sişenbe güni Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwiliniň 15 ýaşly ogly Eduard Saakaşwili «iPad» elektron enjamynda iň çalt hat ýazmakda dünýä rekordyny täzeledi.

Eduard Saakaşwili «iPad» enjamynda iňlis elipbiýiniň ähli harpyny bary-ýogy 5,26 sekuntda ýazyp çykdy.

Munuň özi geçen ýyl britaniýaly ýetginjek Çarli Jozef MakDonnelliň goýan dünýä rekordyndan 1,05 sekunt çaltdyr.

Eduard Saakaşwili özüniň bu ukybyny sişenbe güni Batumi şäherinde Ginnes Rekordlaryna gözegçilik ediji guramanyň wekiliniň syn etmeginde görkezdi.
XS
SM
MD
LG