Sepleriň elýeterliligi

Daniýa Germaniýa bilen serhedindäki gözegçiligi güýçlendirdi


Sişenbe güni Daniýa Germaniýa bilen öz serhet geçelgelerindäki gözegçiliklerini güýçlendirmek üçin öz serhet punktlaryna goşmaça 50 sany gümrük gullugynyň işgärini ýerleşdirdi.

Daniýanyň hökümeti bu çäreleri bikanun immigrasiýanyň öňüni almak maksatlary bilen baglanyşdyrýar.

Öz gezeginde Germaniýa Daniýanyň bu çärelerini tankytlap, munuň gümrük we serhet barlaglaryny aradan aýyrýan Şengen ylalaşygynyň düýp prinsiplerine garşy gelýändigini öňe sürdi.

Şengen ylalaşygy Ýewropanyň 25 ýurdunyň arasynda raýatlaryň we harytlaryň erkin geçirilmegini üpjün edýär.
XS
SM
MD
LG