Sepleriň elýeterliligi

Palestinany BMG-e agza etmek barada maslahat ediler


Şu aýyň 26-na Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşinde Palestinany BMG-e agzalyga almak barada maslahat ediler.

Arap ligasy şu ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş assambleýasynda Palestina döwletiniň BMG-e agza edilip alynmagyny teklip etmekçi.

Howpsuzlyk geňeşiniň geçirjek maslahatynyň öňüsyrasynda, 11-nji iýulda Ýakyn Gündogar boýunça parahatçylyk gepleşiklerini alyp barýan Birleşen Ştatlar, Orsýet, Ýewropa Bileleşigi we BMG duşuşyk geçirer diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG