Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýada 54 atom energiýa desgasynyň 19-sy işledilýär


Häzir Ýaponiýadaky 54 atom energiýa desgasynyň diňe 19 sanysy işledilýär.

Desgalaryň köpüsüniň işi “Fukuşimo-Daiçi” atom energiýa desgasyndaky krizisden soň togtadylypdy. Bu stansiýa 11-nji martda ýurtda dörän heläkçilikli ýer yranma we sunami sebäpli zeper ýetipdi.

Ýaponiýanyň hökümeti energiýa krizisiniň has-da ýaýbaňlanmagyndan howatyrlanyp, käbir reaktorlaryň işe girizilmegini üpjün etjek bolýar.
XS
SM
MD
LG