Sepleriň elýeterliligi

AI: Siriýa güýçleriniň işini Halkara suduna geçirip bolar


Adam hukularyna gözegçilik edýän halkara “Amnesty International” guramasynyň çarşenbe güni ýaýradan hasabatynda bellenmegine görä, Siriýanyň güýçlerine adamzada garşy jenaýatlarda aýyplama bildirip bolar.

Şeýle-de “Amnesty International” Birleşen Milletler Guramasyna bu ýagdaýy Halkara jenaýat suduna geçirmäge çagyryş etdi.

Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Romain Nadal hem çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýadaky bolýan wakalara goşulmagyna çagyryş etdi.

“Amnesty International” guramasynyň hasabaty Siriýadan goňşy döwletere gaçyp baran bosgunlaryň beren gürrüňlerine esaslanýar.
XS
SM
MD
LG