Sepleriň elýeterliligi

Serbiýanyň prezidenti Bosniýa sapara bardy


Çarşenbe güni Serbiýanyň prezidenti Boris Tadiç Saraýewo bardy. Bu onuň Bosniýanyň paýtagtyna bäş ýylyň dowamynda edýän ilkinji resmi saparydyr.

Bu saparynyň dowamynda Tadiç Bosniýa bilen özara gatnaşyklary gowulandyrmaga hem söz berdi. Iki ýurduň gatnaşyklary regionda 1992-1995-nji ýyllarda bolan uruşdan soň dartgynlaşypdy.

Bir aý töweregi mundan ozal, Bosniýa urşunda genosidde we adamzada garşy jenaýatlarda, şol sanda Srebrenisa şäherindäki köpçülikleýin gyrgynçylyga ýolbaşçylyk edenlikde aýyplanýan bosniýaly serbleriň öňki söweş generealy Radko Mladiç tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG