Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň komissiýasy Bin Ladeniň maşgalasyny saklamakçy


Pakistanyň ýörite komissiýasy özüniň rugsadyny almazdan “Al-Kaýda” toparynyň ozalky lideriniň maşgala agzalaryny ýurtlaryna - Ýemene ugratmazlygy ýurduň resmilerine tabşyrdy.

Bu komissiýa ABŞ-nyň ýörite güýçleriniň Osama bin Ladeniň ölümine getiren operasiýasyny derňemek üçin döredilipdi.

Pakistanyň kuwwatly aňtaw gullugynyň bu komissiýanyň çykaran kararyna boýun bolup-bolmajagy entek belli däl.

Şu ýylyň 2-nji maýynda Birleşen Ştatlaryň ýörite güýçleriniň Abbottabatda geçiren operasiýasy netijesinde Bin Laden öldürilenden bäri, onuň maşgala agzalary Pakistanda tussaglykda saklanýarlar.
XS
SM
MD
LG