Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň Hama şäherindäki çaknyşyklarda 22 adam öldi


Siriýanyň Hama şäherinde oppozisiýa wekilleriniň howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşmygynda 22 adam ölüp, onlarça adam ýaralandy. Bu barada Siriýanyň adam hukuklary boýunça Milli jemgyýeti habar berýär.

Berilýän maglumata görä, harbylar şäherde köpçülikleýin tussag edişliklere başlandan soň, ilatyň aglabasy şäherden gaçypdyr.

Geçen hepde Hamada prezident Başar al-Assadyň häkimiýetden çetleşmegini talap edýän köpçülikleýin protestler geçirlipdi. Oňa ýüz müň töweregi adamyň gatnaşandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG