Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bin Ladeniň maşgalasynyň Pakistanda saklanmagy soralýar


Birleşen Ştatlaryň Pakistan resmilerinden ýaşryn geçiren operasiýasy Yslamabadyň gaharyny getiripdi.
Birleşen Ştatlaryň Pakistan resmilerinden ýaşryn geçiren operasiýasy Yslamabadyň gaharyny getiripdi.
Pakistanyň ýörite komissiýasy ýurduň resmilerine öz rugsady bolmazdan “Al-Kaýda” toparynyň ozalky lideriniň maşgala agzalaryny öz watanlaryna ugratmazlygy tabşyrdy.

Bu komissiýa Osama bin Ladeniň ölümine getiren amerikanyň ýörite güýçleriniň operasiýasyny derňemek üçin döredilipdi. Komissiýanyň sişenbe güni çykaran kararynyň Içeri işler ministrligine we pudagara aňtaw gullugyna ugradylandygyny Pakistanyň metbugaty habar berýär.

Şu ýylyň 2-nji maýynda Abbottabatda şäherinde Bin Laden öldürilenden soň, onuň üç aýaly hem azyndan alty çagasy häzire çenli Pakistanda tussaglykda saklanýarlar.

Pakistanyň kuwwatly aňtaw gullugynyň komissiýanyň çykaran netijesine boýun bolup-bolmajagy entek belli däl. Bin Ladeniň öldürilmeginiň yz ýany Pakistanyň resmileri onuň maşgala agzalaryny öz ýurtlaryna ugratmagy planlaşdyrypdylar.

Bin Ladeniň dul galan iki aýalynyň Saud Arabystanynyň, kiçi aýaly, 29 ýaşly Amal Ahmed al-Sadahyň bolsa Ýemeniň raýatydygy çak edilýär.

Iýunyň ahyrlarynda Sadahyň “sanlyja günleriň” içinde Pakistandan çykjakdygy habar berlipdi. Ýemeniň we Saud Arabystanynyň metbugatynda peýda bolan habarlara görä, Sadahyň körpe gyzy bilen birlikde öz ýurtlaryna dolanmagy barada Pakistanyň we Ýemeniň resmileri özara ylalaşypdyrlar.

Berilýän maglumata görä, 2-nji maýda geçirilen hüjümiň dowamynda Sadaha hem şikes ýetip, ol Pakistanda bejergi alypdyr.

Pakistanyň ýokary sudýasy Jawed Ikbalyň ýolbaşçylyk edýän dört agzadan ybarat komissiýasy özüniň ilkinji maslahatyny sişenbe güni ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda beýleki meseleler bilen bir hatarda dünýäniň iň köp gözlenen terroristiniň nähili ýagdaýlarda Abbottabatda bilinmän ýaşap bilendigi baradaky mesele hem derňeldi. Abbottabatda ýurduň ýokary derejelei harby akademiýasy hem ýerleşýär.

Sişenbe güni ýaýradylan beýanatda bellenmegine görä, komissiýanyň wezipesi şulardan ybarat bolupdyr:

Osama bin Ladeniň Pakistanda bolmagynyň ähli esaslaryny aýan etmek;

Birleşen Ştatlaryň Abbottabatda geçiren operasiýasy boýunça ähli delilleri we ýagdaýlary derňemek;

Eger-de degişli resmiler tarapyndan goýberilen kemçilikler bar bolsa, olaryň aslyny we geçmişini belli etmek;

Teklipleri işläp düzmek.


Birleşen Ştatlaryň Pakistan resmilerinden ýaşryn geçiren operasiýasy Yslamabadyň gaharyny getiripdi. Pakistan muny ýurduň özbaşdaklygyny bozmak diýip häsiýetlendiripdi.

Şol bir wagtda-da Bin Ladeniň Pakistanda bolmagy, Birleşen Ştatlarda oňa gizlenmäge Pakistanyň içindäki harby ýa-da aňtaw gulluklarynyň hemaýat beren bolmagynyň mümkindigi baradaky gümanlary hem döretdi. Emma, amerikan resmileriniň nygtamagyna görä, Pakistanyň ýokary derejeli raýat ýa-da harby liderleriniň Bin Ladeniň nirededigini öňünden bilendiklerini tassyklaýan hiç bir subutnama ýok.
XS
SM
MD
LG