Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşaýyş jaýlary barha gymmatlaýar


Ýazgulyýew: "Daşary ýurt firmalarynyň Aşgabatda gurýan jaýlarynyň bahasy ortaça 180 müň amerikan dollaryndan arzan däl".
Ýazgulyýew: "Daşary ýurt firmalarynyň Aşgabatda gurýan jaýlarynyň bahasy ortaça 180 müň amerikan dollaryndan arzan däl".
Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen, her ýylda işleýän adamlaryň aýlyklarynyň, pensiýa-posobiýalaryň, talyp haklarynyň 10% köpeldilmegi kada öwrüldi. Emma soňky ýyllarda döwlet derejesinde boýun alynmasa hem, puluň hümmetsizlenmeginiň her ýylda 15-16%-den az däldigini göz öňünde tutanyňda, Türkmenistanda ýaşaýşyň barha gymmatlaýandygyny duýmak kyn däl.

Ilki bilen ýurdumuzda ýaşaýyş jaýlarynyň bahasynyň soňky dört ýylda has ýokarlanandygyny aýtmak gerek. Häzir Aşgabadyň islendik künjeginden ilat arasynda ýakyn ýyllarda ýykylmaz diýlip umyt edilýän, geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda gurlan etaž jaýlaryndan üç otagly, hususylaşdyrylan kadaly kwartira aljak bolsaň, azyndan 100 müň amerikan dollaryny nagt tölemeli. Üstesine hem paýtagtdan diňe şähere ýazgysy (propiskasy) bolan adamlar jaý satyn alyp bilýärler.

Daşary ýurt firmalarynyň Aşgabatda gurýan jaýlarynyň bahasy ortaça 180 müň amerikan dollaryndan arzan däl, bu jaýlaryň otuz ýyllyk ýeňillikli şertlerde kredit bilen berilýändigine garamazdan, il içinde «elitnyý» diýlip atlandyrylýan ol jaýlara hyrydarlar beýle bir köp däl. Sebäbi ol bahalar ortaça iki ýüz amerikan dollary möçberinde aýlyk alyp işleýän adamlara elýeter däl.

Elbetde, prezidentiň tabşyrmagy bilen, oba-şäherçelerde hem soňky ýyllarda ýaşaýyş jaýlary “Arkaç”, “Ahal” ýaly ýerli gurluşyk edaralarymyz tarapyndan gurlup, döwlet gullugynda işleýän adamlara hödürlenýär, ýöne ol jaýlaryňam ortaça bahasy 60-70 müň amerikan dollaryndan arzan däl.

Aşgabatdan beýleki ýerlerimizde işsizligiň ýokarydygyny göz öňünde tutanymyzda, oba-şäherçelerde gurulýan jaýlaryň işsiz oba adamlaryna asla elýeter bolmajakdygy düşnüklidir. Şonuň üçin oba-şäherçelerde jaýdan kösenýän hojalyklara ýer paýlanyp berlip, her kimiň mümkinçiligine görä, wagtlaýyn bolsa-da jaý gurmagyna rugsat bermeli.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen, ilat mellek paýlanar diýip umyt edip, her bir jaýsyz kişiler öz ýaşaýan ýerine degişli arçynlykda mellek nobatyna duran bolsalaram, henize çenli tutuş ýurdumyz boýunça ilata mellek paýlamaly diýlen görkezme berlenok. Asla prezidentiň ýörite karary bolmasa, hiç bir emeldaryň mellek paýlamaga het edip bilmejekdigini aýdýanlar mamla bolsa gerek.

Hemaýat gerek

Ýurdumyzda ýer bolçulygynda ilata mellek paýlanmaýandygy üçin, dört-bäş otagly howluly jaýlarda iki-üç hem ondan köp gelni-ogly, agtyk-çowlugy bilen ýaşap oturan hojalyklar her obada barmak büküp sanardan köp. Hojalyklara mellegiň paýlanmaýandygy üçin boş mellek ýerleriniň bahasy soňky dört-bäş ýylda birnäçe esse ýokarlandy. Şonuň üçin iň uzak obalarymyzdan hem boş mellek ýer aljak bolsaň, azyndan 1000 amerikan dollaryny bermeli bolýandyklaryny adamlar özara söhbetdeşlikde närazylyk bilen gürrüň berýärler.

Umuman, Türkmenistanda halkymyzyň sossial ýagdaýyny gowulandyrmak üçin ilkinji nobatda, her bir hojalygyň ýaşaýjylaryna Baş kanunymyzda kepillendirilişi ýaly, ýeňillikli şertlerde ilatyň ýaşaýyş jaýyny edinip bilmegine döwletimiz hemaýat etmeli. Munuň üçin daşary ýurt firmalarynyň gurýan gymmat bahaly, hili pes, «elitniý» diýlip atlandyrylan jaýlaryň gurluşygyndan el çekmeli, öz ýerli firmalarymyzyň arzan, ýöne hilli jaýlary gurmagyna oňyn şert döretmeli.

Oba-şäherçelerde bolsa mellekler paýlanyp, her bir hojalygyň mümkinçiligine görä jaý gurmagyna rugsat bermeli. Has dogrusy, döwlet emeldarlary her bir hojalygyň öz mümkinçiligine seredip, jaý alyp ýa gurup biljek-bilmejekdigini kesgitlemeli. Iň esasy hem ýer bolçulygynda adamlarymyzy melleksiz kösemekden el çekmeli, ine şu hakykata döwlet ýolbaşçylarymyz düşünende, ýaşaýyş jaýlarynyň barha gymmatlamagynyň öňi alnar, ýaşaýyş jaýlary halka elýeterli bolar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG