Sepleriň elýeterliligi

Otunbaýewanyň parlamentdäki wekili wezipesinden çekildi


Çarşenbe güni Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewanyň parlamentdäki ýörite wekili Azymbek Beknazarow öz wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Ol munuň sebäbini Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetindäki öz missiýasyny doly ýerine ýetirendigi we bu missiýanyň möhletiniň tamamlanandygy bilen düşündirdi.

Azymbek Beknazarow mundan ozal ýurduň premýer-ministriniň orunbasary bolup işleýärkä, ol Oş şäheriniň meri Melis Myrzakmatowy goldaýjy çykyşlary üçin köp syýasatçylar tarapyndan tankyt edilipdi.

Geçen aý ol Gyrgyzystanyň günortasynda 2010-njy ýylyň tomsunda bolan etniki çaknyşyklaryň öňüni alyp bilmändigi üçin parlamentiň öňünde ötünç sorap çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG