Sepleriň elýeterliligi

Belarusda ýene 100 töweregi protestçi tussag edildi


Çarşenbe güni ynsan hukuklaryny goraýjy aktwistler Belarusyň häkimiýetleriniň ýene nobatdaky gezek paýtagt Minskde we käbir beýleki şäherlerde azyndan 100 töweregi oppozision protestçini tussag edendiklerini habar berdiler.

Belarusdaky «Wesna» atly ynsan hukuklaryny goraýjy guramanyň maglumatyna görä, çarşenbe güni ýurduň paýtagtynda we käbir beýleki şäherlerinde oppozision aktiwistleriň müňlerçesi «el çarpmak kampaniýasy» diýlip at berlen parahat ýöriş gurnapdyrlar.

Maglumata görä, şol wakalarda polisiýa işgärleri protestçileri toparlaýyn tussag edip, alyp gidipdirler. Tussag edilenleriň arasynda žurnalistleriň-de bardygy habar berilýär.

Şu geçen ýekşenbe güni hem Belarusda ýüzlerçe protestçi tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG