Sepleriň elýeterliligi

Orsýetli ýuristiň ölüminde ýokary derejeli resmiler aýyplanýar


Çarşenbe güni Orsýetiň prezident administrasiýasyndaky ynsan hukuklary boýunça ýörite geňeş tanymal ýurist Sergeý Magnitskiniň tussaghanada ölmeginde ýurduň ýokary derejeli resmilerini aýyplady.

Hususan-da, bu geňeş Sergeý Magnitskiniň ölümine getiren wakalarda Içeri işler ministrliginiň derňewçisi Oleg Silçenko bilen türmäniň üstünden gözegçilik edýän edaranyň başlygy Iwan Prokopenkonyň günkärdigini aýdyp, beýanat ýaýratdy.

37 ýaşly Sergeý Magnitskiý 2009-njy ýylyň noýabrynda saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy netijesinde tussaghanada aradan çykypdy.
XS
SM
MD
LG