Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak mediasynyň ýolbaşçylary başga wezipelere geçirildi


Çarşenbe güni bosgunlykdaky gazak biznesmeni Muhtar Ablýazowyň prezident Nursoltan Nazarbaýewi kanun bozmalarda aýyplap eden çykyşynyň yzy bilen, ýurduň birnäçe habar serişdesiniň ýolbaşçylary başga wezipelere geçirildi.

Gazagystanyň resmileri bu kadrlar çalşyrylyşygynyň sebäbiniň Muhtar Ablýazowyň beýanaty bilen baglanyşyklydygy ýa däldigi barada hiç hili beýanat etmediler.

Gazagystanyň BTA Bankynyň ozalky başlygy Muhtar Ablýazow hepdäniň duşenbe güni internetde ýaýradan beýanatynda prezident Nazarbaýewi ýurduň «Kabar» telewizion kompaniýasynyň aksiýalarynyň 49,9 prosentini bikanun ýollar bilen öz adyna geçirmekde aýyplady.

Mundan daşary, ol «Kabar» kompaniýasyna prezidentiň gyzy Dariga Nazarbaýewa bilen onuň ozalky adamsy Rahat Alyýewiň eýelik eden döwründe, prezident Nazarbaýewiň howandarlygy astynda, olaryň döwlete hiç hili salgyt tölemändiklerini aýdýar.

Ablýazowyň aýtmagyna görä, birneme soňra bu «Kabar» kompaniýasy döwlet kompaniýasyna 100 million dollara satylypdyr.

Muhtar Ablýazow öz beýanatynda Gazagystanyň kanun goraýjy organlarynyň ýolbaşçylaryny prezident Nazarbaýewe garşy jenaýat işini gozgamaklyga çagyrypdyr.
XS
SM
MD
LG