Sepleriň elýeterliligi

Abadandaky ýarag ammarynda zarply partlama boldy


Penşenbe güni öýlän Aşgabadyň etegindäki Abadan şäheriniň günortasynda ýerleşýän ýarag ammarynda uly partlama boldy, ol ýerde güýçli ýangyn emele geldi.

Zarply partlamanyň emele gelen ýerine golaý ýerleşýän binalara agyr zeper ýetdi diýlip, habar berilýär. Käbir binalara we zawodlara ýangyn düşdi.

Paýtagt Aşgabadyň üstüni goýy tüsse gurşap aldy. Partlamanyň sesiniň 20-25 km. töwerege hem eşidilendigi habar berilýär.

Häzir ýurduň harby we howpsuzlyk güýçleri, ýangyn söndürijiler Abadan şäherine we onuň töwereklerine iberilip, ýerli ilat ewakuasiýa edilmäge başlandy.

Türkmenistanyň resmi mediasynyň penşenbe güni giçlik habar bermegine görä, partlama howanyň aşa gyzmagy sebäpli ýüze çykypdyr.

Adam ýitgileriniň we ýaralanan adamlaryň köpdügi aýdylýar. Abadan şäherine goşmaça medisina işgärleriniň iberilýändigi barada maglumatlar gowuşýar.

Ahal welaýatynyň Abadan şäheriniň 50 müňe golaý ilaty bolup, ol Türkmenistanyň senagat taýdan iň ösen şäherleriniň biri hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG