Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýrandaky dini hukuklar boýunça alada bildirýär


Birleşen Ştatlar Eýranda bir adamyň öz dini garaýyşlary üçin ölüm jezasyna höküm edilip bilinjekdigi baradaky habara alada bildirdi.

Eger-de Ýusef Nadarhani özüniň kabul eden hristiýan dininden ýüz öwürmese, onda oňa ölüm jezasynyň berilmegi mümkin.

Döwlet departamentiň metbugat wekili Wiktoria Nuland: “Eýranyň liderleri ikiýüzlülik bilen çydamlylyga çagyran bolup, şol bir wagtyň özünde-de öz saýlap alan ynamyna görä ybadat etmek isleýänlere garşy tussag etmek, türmä salmak, yzarlamak we azar bermek ýaly çäreleri alyp barýarlar” diýdi.

3-nji iýulda Nadarhaniniň aklawçysynyň aýtmagyna görä, Eýranyň Ýokary sudy Nadarhaniniň ölüm jezasyny ýatyrypdyr. Emma sud Nadarkhanini “toba gelmäge” çagyryp, onuň işini aşaky suda geçiripdir.
XS
SM
MD
LG