Sepleriň elýeterliligi

Ýemende söweşijileriň hüjümde 10 esger heläk boldy


Ýemende “Al-Kaýda” toparynyň söweşijileri diýlip gümän edilýän adamlaryň gurnan gabawynda 10 esger öldürilipdir. Bu barada ýurduň harbylary aýdýar.

Berilýän maglumata görä, çarşenbe güni esgerler ulagda barýan wagty hüjümçiler olara garşy ýaraglardan ot açypdyrlar.

Abýan welaýatynyň Loder şäherinde bolan bu wakada esgerleriň ählisi heläk boldy.
XS
SM
MD
LG