Sepleriň elýeterliligi

Ispan şäheriniň köçelerine 6 sany öküz goýberildi


Şu gün Ispaniýanyň Pampona şäheriniň köçelerine alty sany öküz goýberildi. Bu çäre her ýyl geçirilýän öküzleriň ylgama dabarasynyň açylyş güni boldy.

Berilýän maglumata görä, bu wakada dört adama ýeňil şikes ýetip, olar keselhana ýerleşdirilipdir.

Ýüzlerçe adam milli ak geýim geýip, boýunlaryna gyzyl ýaglyk dakyp, milli baýramçylygyň çäginde öküzleriň öňünden ylgaýarlar.

Her ýyl geçirilýän bu çäre 14-nji iýulda tamamlanar. Bu dabara gatnaşmak üçin, dünýäniň ähli künjeklerinden adamlar gelýär.
XS
SM
MD
LG