Sepleriň elýeterliligi

Ýüzlerçe adam Siriýanyň Hama şäherinden gaçýar


Siriýanyň Hama şäherinde hökümetiň gazaply hereketlerinden howatyrlanyp, ýüzlerçe adam bu ýeri terk etdi. Bu barada Siriýanyň aktiwistleri habar berýärler.

Berilýän maglumata görä, soňky günleriň dowamynda protestleri basyp ýatyryş çärelerinde howpsuzlyk güýçleri azyndan 20 adamy öldüripdir.

Geçen hepde Hamada prezident Başar al-Assadyň häkimiýetden çetleşmegini talap edýän köpçülikleýin protestler geçirlipdi. Oňa ýüz müň töweregi adamyň gatnaşandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG