Sepleriň elýeterliligi

Hukuk toparlary ÝB-ni Aşgabat bilen açyk gürleşmäge çagyrýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Ýewrokomissiýanyň resmisi Andris Pibalgs Brýusseldäki duşuşykda, 2007-nji ýyl.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Ýewrokomissiýanyň resmisi Andris Pibalgs Brýusseldäki duşuşykda, 2007-nji ýyl.

Adam hukuklaryny goraýan "Türkmen inisiatiwasy", "Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy" we Niderlandiýanyň "Helsinki komiteti" Ýewropa Bileleşigini şu annada türkmen hökümeti bilen adam hukuklary barada geçirýän gepleşiklerinde raýat jemgyýetiniň ýanalyşy hakda açyk we dogruçyl gürrüň etmäge çagyryp, 6-njy iýulda beýanat ýaýratdy.

Beýanatda Ýewropa Bileleşiginiň türkmen hökümetini ýurtdaky raýat jemgyýetiniň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin anyk ädimleri ätmäge çagyrmalydygy nygtalýar.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Ýewropa Bileleşiginiň, adam hukuklaryny goramak boýunça hakyky öňegidişlik bolmasa, bu ýagdaýyň ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklara täsir ýetirjegini açyk aýtmaga çagyrýarlar.
ÝB türkmen häkimiýetleri bilen guraýan ýyllyk adam hukuklary dialoglaryny 2008-nji ýyldan bäri geçirýär. Ýyllyk dialoglaryň täze tapgyry 8-nji iýulda Brýusselde geçiriler. Ol ÝB-Türkmenistan gatnaşyklaryny giňeltmek tagallalarynyň doly güýjünde barýan wagtyna gabat geldi.

Hukuk meselesi şertnamany yza çekýär

ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda baglaşylan Wagtlaýyn söwda şertnamasy geçen awgustda güýje girdi we indi ol ÝB-niň beýleki ýurtlar bilen baglaşan Ýoldaşlyk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna çalymdaş giňräk ylalaşyk bilen ýerini çalyşmaly. Muňa garamazdan, şertnamanyň adam hukuklarynyň ýagdaýy babatdaky derňewi bilen baglylykda, Ýewropa Parlamentinde bu ylalaşygy sese goýmak sentýabra çenli soňa goýuldy. Has dogrusy, ÝB-niň parlament delegasiýasy apreliň aýagynda Türkmenistana sapar edip, bu ýurtda parlamentiň öňünden kesgitlän hukuk talaplary babatda öňegidişligiň ýokdugyny aýdandan soň, şeýle karara gelindi. Ýoldaşlyk we hyzmatdaşlyk şertnamasynyň tassyklanmagy üçin parlamentiň razylygy gerekdi.

Ýewropa Parlamentiniň adam hukuklary boýunça komissiýasynyň başlygy Heidi Hautala Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde delegasiýanyň hatarynda Aşgabatdaky rus mekdebine baranda henizem "Ruhnama" otagynyň bardygyna geň galandygyny aýdypdy. Şeýle-de Hautala türkmen hökümeti BMG-niň adam gynamalary boýunça ýörite dokladçysyny ýurda çagyrmak ýaly ädimleri ätse, munuň özi üçin örän pozitiw iş boljakdygyny aýtdy.

Halkara gözegçileri türmelere goýberilmeýär

Ýöne Türkmenistan BMG-niň ýörite dokladçysyny ýurda çagyrmakdan we halkara "Gyzyl Haç" komitetiniň ekspertleriniň türkmen türmelerine baryp görmegine rugsat bermekden henize çenli saklanyp gelýär. Hukuk goraýjy guramalar Türkmenistanyň sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurtdugyny aýdýarlar. Ýurduň içinden Azatlyk Radiosyna inrterwýu berýän raýatlar ýylda köp sanly günä geçişler bilen tussagy azaldylýan türmelerdäki şertleriň agyrdygyny, bendileriň köplenç yzlaryndan eltilýän azyk önümleri bilen oňňut etmeli bolýandygyny gürrüň berýärler.

Türkmen häkimiýetleri soňky ýyllarda ýurtda kanunlary kämilleşdirmek boýunça uly iş alnyp barylýandygyny aýdýarlar. Emma hukuk goraýjy toparlar, şol sanda adam hukuklaryny goraýan "Türkmen inisiatiwasy" toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin täze kabul edilýän kanunlaryň iş ýüzünde adam hukuklarynyň goralmagyna täsiriniň azdygyny aýdýarlar. Farid Tuhbatullin özleriniň ýüzlenme çap etmek bilen, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanyň belli bir ädimleri ätmegini talap etmegini isleýändiklerini aýtdy.

"Garaşsyz jemgyýetçilik guramalary hasaba alynmaly"

"Biz bu talap esasynda diňe täze kanunlaryň kabul edilendigi we beýlekiler barada beýanatlaryň ýaýradylmagyny däl-de, eýsem, aýdaly, iş ýüzünde bolmanda on-ýigrimi sany garaşsyz jemgyýetçilik bileleşiginiň hasaba alynmagyny, olaryň dürli fondlardan kömek alyp, arkaýyn öz işini eder ýaly bolmagyny nazarda tutýarys" diýip, Tuhbatullin aýdýar.

Hukuk goraýjynyň pikiriçe, eger şeýle edilse, Ýewropa Parlamentiniň indiki gezek Türkmenistana gelen delegasiýasy olar bilen duşuşyp, adamlaryň öz isleýän işlerini edip, ýurduň abadançylygyna goşant goşýandygyna göz ýetirer.

Adam hukuklaryny goraýan "Türkmen inisiatiwasy", "Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy" we Niderlandiýanyň "Helsinki komiteti" Ýewropa Bileleşigine iberen ýüzlenmesinde, soňky mysallar hökmünde, 8-nji iýunda Aşgabatda jaýlarynyň ýykylmagyna garşy protest bildirmäge synanyşan raýatlaryň polisiýa tarapyndan dargadylyşy, fewral aýynda bolsa, iki sany ýaş aýdymçynyň türk telekanalyna interwýu bereni üçin türmä basylmagy ýaly faktlary görkezipdir.
XS
SM
MD
LG