Sepleriň elýeterliligi

“Azatlyk Öýi” global konsorsium döredýär


Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Freedom House”, ýagny “Azatlyk Öýi” guramasy ýakynda hökümete degişli bolmadyk guramalary goldamak boýunça halkara konsorsiumy yglan etdi.

Guramanyň wekili Daniel Kalingaýret bu fonduň maksatlary barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Bu tutuş dünýäde iş alyp barýan we kyn ýagdaýa düşen graždan jemgyýetçilik guramalaryny goldamak boýunça döredilen global konsorsiumdyr. Meselem, haýsydyr bir hökümete degişli bolmadyk gurama graždanlaryň hak-hukugyny gorap çykyş edeni ýa-da hökümetiň özüni alyp barşyna gözegçilik edeni üçin basyş edilende we oňa haýbat atylan halatynda bu konsorsium şeýle toparlara ýardam bermegi maksat edinýär”.

Bu konsorsium barada “Freedom House” tarapyndan 1-nji iýulda çap edilen beýanatda aýdylmagyna görä, adam hukuklaryny goraýjy aktiwistlere edilýän basyşlar barha güýçlenýär we olaryň guramalaryna abanýan howp hem barha artýar. Guramanyň prezidenti Deýwid Kramere salgylanyp çap edilen şol beýanatda bu fonduň zerur bolan halatynda şeýle guramalara maliýe kömegini bermegi maksat edinýändigi aýdylýar.

Bu işi nähili amala aşyrmagy göz öňünde tutýarsyňyz diýlen soraga, Kalingaýret şeýle jogap berdi: “Biziň graždanlyk jemgyýetlere goldaw bermek boýunça iki dürli programmamyz bar, olardan biri juda praktik bolup, ol adatdan daşary ýagdaýa düşen guramalara derhal kömek etmegi göz öňünde tutýar, ýagny haçan-da olaryň enjamlary elinden alnan halatynda biz olara şol enjamlary gaýtadan satyn almaga kömek ederis, ýa-da haýsydyr bir guramanyň agzasy tussag edilse, biz tussag edilen aktiwistiň aklawçysynyň çykdajysyny tölemäge ýardam ederis”.

Kalingaýretiň aýtmagyna görä, konsorsiumyň başga bir programmasy bolsa kyn ýagdaýa düşen guramalary gorap çykyş etmekdir. Ýagny, şeýle kyn ýagdaýa düşen guramalary gorap çykyş etjek aktiwistlere daşary ýurtlarda ýerleşýän guramalara öz arzasyny ýetirmäge mümkinçilik döredilmäge synanyşylar.

Umuman aýdylanda, tutuş dünýäde hereket edýän guramalara kömekleşmegi maksat edinýän bu konsorsium, esasanam repressiw ýurtlarda hereket edýän guramalara has köp üns bermegi maksat edinýär. “Bu fonduň beýleki fondlardan tapawudy, onuň diňe bir hökümet tarapyndan däl, eýse halkara derejede goldanylmagy we oňa agza guramalaryň hem ençeme ýurdy öz içine almagydyr” diýip, Kalingaýret aýdýar.

Kalingaýretiň aýtmagyna görä, bu fond diňe bir däl, dünýäniň 12 ýurdy tarapyndan üpjün edilýär, olaryň arasynda Ýewropada, Amerikada, Aziýada, hat-da Afrikada ýerleşýän ýurtlar hem bar.
XS
SM
MD
LG