Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nemtsow Orsýete dolanmakdan çekinenok


Nemtsow täze döredilen “Milli azatlyk” partiýasynyň ýolbaşçylarynyň biridir.
Nemtsow täze döredilen “Milli azatlyk” partiýasynyň ýolbaşçylarynyň biridir.
Orsýetiň iň belli oppozisiýa wekilleriniň biri öz garşysyna jeza çäresiniň, ýagny alty aýlap ýurdy terk etmek gadagançylygynyň girizilendigini aýdýar.

Boris Nemtsow, girizilen gadaganlyga garamazdan, ors mediasyna özüniň Orsýete dolanjakdygyny aýtdy. Ol demokratik foruma gatnaşmak üçin Strasburga barypdy.

Emma Nemtsowyň ýurtdan çykmazlygy baradaky karary çykardy diýilýän sud beýle hökümi çykarmandygyny aýdýar. “Federal sud gullugy onuň ýurtdan çykmazlygy üçin hiç hili höküm çykarmady” diýip, Orsýetiň Federal sud gullugynyň metbugat wekili aýtdy.

Ýöne Nemtsowyň aklawçysy şeýle gadaganlygyň bardygyny öňe sürýär. Onuň aýtmagyna görä, bu ýagdaý Nemtsowyň öň Gennadiý Timçenkonyň premýer-ministr Wladimir Putin bilen tanyşlygy arkaly Orsýetiň iň baý adamalarynyň biri bolandygy baradaky aýyplamalary bilen bagly. Şol aýyplamalar geçen ýyl Nemtsowyň hem ýazmaga gatnaşan “Putin. Netijeler. 10 ýyl” atly makalada nygtalypdy.

Timçenko bu aýyplamalary iňkär etdi. Şeýle-de Moskwanyň sudy Nemtsowyň makalany düzedişler bilen çap etmegi barada höküm çykardy. Ýöne, “Kommersant” neşiriniň nygtamagyna görä, sud 26-njy martda çap edilen makala ýalňyş adyň berlendigi barada höküm çykarypdyr.

Nemtsow özüne garşy gadaganlyk girizilendigini çarşenbe güni öz aklawçysyndan bilendigini Orsýetiň mediasyna aýtdy. Çykarylan höküme görä, haçan-da Nemtsow daşary ýurtdan dolananda, alty aýyň dowamynda Orsýetden çykyp bilmez.

Nemtsow Orsýetiň birinji prezidenti Boris Ýeltsiniň döwründe ýurduň ilkinji premýer-ministri bolupdy. Nemtsowyň pikiriçe, bu gadaganlyk syýasy matlap bilen girizilipdir.

Nemtsow täze döredilen oppozision “Milli azatlyk” partiýasynyň ýolbaşçylarynyň biridir. Bu partiýa Orsýetde “PARNAS” ady bilen has gowy tanalýar. Orsýetiň Adalat ministrligi geçen aý bu partiýany hasaba almakdan ýüz öwürdi. Şol sebäpden bu partiýa dekabr aýynda ýurduň Döwlet Dumasyna geçiriljek saýlawlara gatnaşyp bilmejege meňzeýär.

Partiýanyň liderleriniň aýtmagyna görä, onuň 53 sany regional bölümi we 46,000 töweregi agzasy bar.
XS
SM
MD
LG